Parahatçylygyň, asudalygyň we sazlaşygyň möwsümi bolan güýz paslynyň durmuşymyza doly ornaşmagy ynsana täzeçe ruhy lezzet berýär . Öz reňk palitrasy bilen gelýän güýz ýapraklary bilen, öýleriňize dürli bezegler bilen käbir üýtgeşmeler girizip bilersiňiz. Bu makalada güýzüň tebigy habarçylary bolan dökülen ýapraklary öý bezeginde nädip ulanyp boljakdygyny size ýetirýäris. Güýz paslynda güýz ýapraklarynyň dürli görnüşlerini toplap olardan dürli ajaýyp öý bezeglerini döredip bolar. Esasan hem diwar bezeglerini, gapyň daş tarapyndan asylýan gelşikli asmaçlar ýaly dürli ideýalarda bezegleri döretmek mümkinçiligini berýär. Aslynda güýz ýapraklary küýzegärçilikde hem dürli tabaklara bezeg bermekde ulanyp bolýar.
Güýzüň gelmegi we möwsümleýin üýtgemeler sebäpli dökülýän ýapraklar aşa duýgur bolýarlar. Kitabyň arasynda ýaşyl ýapragy guradanyňdan, uzak wagtlap saklamak üçin gün şöhlesi bilen guradylan ýapraklar hasda täsirli we owadan reňkde bolýar.
Aslynda ýapraklary çalt guratýan ýelim ýa-da çotga bilen laklap güýçlendirip bilersiňiz. Şeýlelikde, ýapragyň tebigy reňkini saklamaga kömek edýär.
Altyn ýapraklardan gapylaryň bezeg işleri.
Öz ýaşaýan öýüňiziň sizi we myhmanlary mähirli garşy almagy üçin şeýle bezeg işler bilen meşgullanmak örän täsirlidir. Ilki bilen öz stiliňiziň bir bölegini görkezmek isleseňiz, gapynyň daşky bezegini düzüp bilersiňiz. Isleseňiz, güýz ýapraklaryny uly ýa-da kiçi dürli reňk geçişlerine görä tegelek köpük görnüşinde agaç çarçuwada güýçli ýelim bilen ýelmeşdirip, öz bezegiňizi düzüp bilersiňiz.
Myratdurdyýew Serdar
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy