DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary giňeldildi

Gyrgyzystanda ýurduň Prezidentiniň ygtyýarlyklary giňeldildi. Gyrgyz Respublikanyň Ministrler Kabineti ýurduň döwlet Baştutanynyň administrasiýasy bilen birleşdirildi. Bu barada degişli kanuna Prezident Sadyr Žaparow gol çekdi.

Metbugatdaky habarlara görä, täze Konstitusiýa laýyklykda, Prezident ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetinden jogapkärdir. Şeýle hem, ýurduň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygy, onuň orunbasarlary we döwlet komitetleriniň başlyklary üçin dalaşgärleri ýa-da mynasyp ýolbaşçylary parlamentiň tassyklamagy üçin iberýär. Deputatlar üç günüň içinde karar bermese, bu dalaşgärler awtomatiki usulda tassyklanan hasaplanýar.

Golaýda ýurduň parlamenti Žogorku Keneş kanun taslamasyny kabul edip, onda ýurduň Prezidentiniň welaýatlara öz wekillerini, iri şäherlere we etraplara häkimleri bellemek hukugy göz öňünde tutuldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Žogorku Keneş tarapyndan şu ýylyň 6-njy oktýabrynda kabul edilen “Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti barada” konstitusion kanunyna gol çekdi.

 

72 ýaşly adam aýalyna aýlanýan jaý gurup berdi

Ýene-de okaň

Tokioda çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ bilen Ýewropa söwda ylalaşygynda ylalaşdy

Ýaponiýanyň 40-njy ömür dowamlylyk rekordy

Türkmenistan ÝUNESKO bilen geoseýilgäh döreder

Türkmenistanda “SPECA günleri” geçiriler