SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda sanjym edilenleriň elektron sanawy düzüler

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) goldawy bilen, Russiýanyň Halkara Ösüş Bilermenleri maksatnamasynyň çäginde bilermen Anatoliý Lawrow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawyny döretmekde kömek edýär. Sanaw ministrlige sanjym edilen ilatyň gurşawyny kesgitlemäge we sanjymlary üpjün etmegi meýilleşdirmäge kömek eder. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

“Bu taslama, elektron hökümet taslamalaryny gurmagyň ýörelgelerini, şeýle hem sanly özgertmeler strategiýasynyň elementleri üçin teklipleri göz öňünde tutup, şuňa meňzeş ulgamlary ösdürmekde häzirki halkara tejribesini ulanyp, elektron sanawy ösdürmäge ýardam berer. Hasaba alyş sanawynyň maglumat giňişligine birleşdirilmegi üçin zerur bolup durýar.”- diýip, Anatoliý Lawrow taslamanyň maksatlary barada durup geçdi.

 

Halkara uçar gatnawy :Stambul-Türkmenbaşy-Stambul

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi