JEMGYÝET

“Türkmenhaly”: haly önümlerini karzyna alyp bolar

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi, öz müşderilerine el haly we haly önümlerini karzyna satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň “Halkbank” DTB arkaly möhleti 3 ýyla çenli, ýyllyk 12 göterim bilen, möçberi 30 000 manada çenli karz serişdelerinden peýdalanmak mümkinçiligini hödürleýär.

Bu barada «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi  arassa ýüň ýüplerden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar. Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän ençeme halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda müňlerçe halyçy zenanlar işleýär.

Türkmen halysy tehniki taýdan taýýarlanylyşy we estetiki many-mazmuny boýunça gadymy, seýrek duşýan zatlaryň hataryna degişlidir. Bu halynyň örän syk dokalmagy onuň esasy aýratynlyklarynyň biri hasaplanýar, çünki halynyň bir inedördül metrinde 200-400 müň we şondan-da köp çitim bardyr. Halydaky reňkler ýerlikli we göze ýakymlydyr.
Türkmen halysynyň başga-da haýran galdyryjy we gymmatly taraplary bar. Ýyl geçdigiçe, türkmen halysy täze öwüşginlere eýe bolýar: reňkler has ýakymly we ýüz tarapy mahmal ýaly ýumşak bolýar.

 

Iýilýän waksina dörediler

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Tailandy 3:1 hasabynda ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan: ABŞ-a giriş boýunça çäklendirmeler aşa düşünişmezlik döredýär

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň pawilýonynyň meşhurlygy artýar

Ata Watan Eserleri

Ertir Aşgabatda möhüm duşuşyk: Türkmenistan bilen Tailand duşuşar

Ata Watan Eserleri