JEMGYÝET

“Hytaý – Merkezi Aziýa” seljeriş merkezleriniň üçünji forumy geçirildi

Siýanda (HHR) üçünji “Hytaý – Merkezi Aziýa” seljeriş merkezleriniň üçünji forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem sebit derejesinde özara gatnaşyk meselelerini beýan etdiler.

Türkmen tarapy, ählumumy gün tertibinde esasy meseleleri çözmekde çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň meňzeşligini nygtady.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda deňhukuklylygyň we adalatyň berjaý edilmegini, döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmagy we garaşsyz döwletleriň içerki işlerine goşulmazlygy, durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan halkara terrorçylyga, ekstremizme we garşy göreşmek boýunça görülýän täsirli çäreleri goldamagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Related posts

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygy bellener

Ata Watan Eserleri

Hytaý: Ykrar edilýän ýokary okuw jaýlary

vepa