MEDENIÝET

Modada ilkinji dizaýner

Çarles Frederik Uort 1846-njy ýylda dünýä inýär. 1895-nji ýylda aradan çykýar. Moda taryhynda ilkinji dizaýnerdir. Ol döwürlerde tikinçiler bolup, müşderileriň öýüne gidilip sargyt boýunça tikilýän eken. Çarles Frederik Uort müşderilerini öz aýagyna getirip, öz çyzgylary esasynda köýnekleri taýýarlap geýdirmegi başarypdyr. Ýönekeý eşikleri tikmän, has täsin, üýtgeşik egin-eşik tikmek isläpdir. Uort aristokratlara tiken köýnekleri bilen meşhur bolupdyr. Bulardan iň bellisi hem Fransiýanyň şa zenany Ýewgeniýadyr. Onuň tikip taýýarlan köýneklerini Parižden hem gelip alýan ekenler. Çarles Frederik Uort egin-eşigiň üstünde markasyny goýan ilkinji dizaýnerdir. Ol  Uortyň öýi ady bilen işlerini dowam etdiripdir.

 

Ýüzümizi arassalamak üçin ýapgy taýýarlamak

Related posts

Noýabr aýynyň medeni çäreleri: bag ekmek dabarasy, sergiler we festiwallar

“Oleato” – zeýtun ýagy tagamly kofe

Kino tomaşa edene 1300 dollar berler