Portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo täze mineral suw brendiniň bilelikdäki eýesi boldy. Ol bu taslama 10 million ýewro maýa goýdy. Bu barada “SIC Noticias” habar berýär.
Şeýle möçberdäki maýa goýumy türgeniň hyzmatdaşy bolan “Grupo Outeirinho” kompaniýasy tarapyndan hem geçirildi. Taslama goýulan maýa goýumlarynyň umumy möçberi 20 million ýewro diýlip bahalandyrylýar, munuň 50 göterimi bolsa Ronaldunydyr.
Bragansa korporatiw sebitiniň Goşteý ilatly toplumynda suw önümçilik zawodynyň gurluşygy alnyp barylýar. Desganyň gurluşygyny tamamlamak we önümleri 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Portugaliýanyň hem-da halkara bazarlaryna çykarmak meýilleşdirilýär.
Täze brendiň dizaýn işlerini Italiýanyň dizaýnerlik kompaniýasy alyp barýar. “Grupo Outeirinho” kompaniýasynyň beýanatyna görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi tapgyrlaýyn esasda onlarça täze iş ornunyň döredilmegini üpjün eder. Kompaniýa, şeýle hem, Portugaliýanyň suw bazarynyň 45 göteriminiň özüne degişlidigini belledi.
Mundan ozal, Ronaldo 2023-nji ýylyň iýun aýynda Madridde tanyşdyrylan “Ursu9” mineral suw brendiniň hem bilelikdäki eýesi bolupdy.
