SPORT

Holandyň bahasy belli boldy

Häzirki wagtda dünýäde ýaş oýunçylaryň arasynda iň güýçlisi Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holand hasaplanylýar. Has hem Çempionlar ligasynda görkezýän oýny bilen futbol äleminiň güýçli toparlarynyň gyzyklanmasyna sebäp boldy.

“Borussiýa Dortmund” topary bolsa oýunçynyň transfer bahasyny resmi taýdan yglan etdi. Haýsy bir topar norwegiýaly hüjümçini satyn almak isleseler onda topara 150 million ýewro tölemeli bolarlar. 20 ýaşly Holand bilen “Borussiýa Dortmund” topary bilen 2022-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy, eger-de topar şol oýunçyny ýene-de toparda galdyrmak isleseler, onda ýene iki möwsümlik şertnamasyny uzaldyp bilerler.

Norwegiýaly hüjümçi bilen Ispaniýanyň şa topary “Real Madrid”, “Barselona”, Angliýanyň bolsa “Liwerpul, Çelsi, Mançester Siti we Mançester Ýunaýted” toparlary gyzyklanýarlar. Hünärmenler transfer bahasy şunuň ýaly oýunçy üçin degýänligini bellediler. Häzirki çykyş edýän möwsüminde 30 duşuşykda meýdança çykyp, 31 gezek gol geçirmegi başardy.

 

Hondanyň indiki duralgasy Azerbaýjan

 

 

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri