SPORT

Hondanyň indiki duralgasy Azerbaýjan

Ýaponiýaly ýarymgoragçy Keýsuke Honda azerbaýjanyň “Neftçi” toparyna transfer edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär. 34 ýaşly Honda bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglanyşyldy. Ol özüniň täze toparynda 4-lik belgide çykyş eder.

Honda özüniň futbol karýerasynda ýaponiýaly “Nagoý Grampus” toparynda, niderlandrly “Wenlo we Witess” toparlarynda, Italiýanyň “Milan” toparynda, Meksikanyň “Paçuku” toparynda, Awstraliýanyň “Melburn”, Braziliýanyň “Botafogo”, Portugaliýanyň “Portimonense” ýaly toparlarda çykyş etdi.

Futbol älemi has hem Hondany 2010-2013-nji ýyllarda Russiýanyň “SSKA” toparynda çykyş eden mahaly tanady. “SSKA” topary bilen Honda, Russiýanyň çempiony (2013), Russiýanyň superkubogyny (2013) we iki gezek ýurduň kubogyna (2011, 2013) mynasyp boldy.

Ýaponiýa futbol milli ýygyndysynda jemi 98 oýuna çykyp, 24 gezek ýardam pasyny we 37 gezek gol geçirmegi başarypdyr. Şeýle hem 2010, 2014 we 2018-nji ýyllarda milli ýygyndysy bilen dünýä çempionatyna gatnaşypdyr.

 

«Sputnik V» näçe wagt güýjüni saklaýar?

 

 

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri