SPORT

Felipe Reýes ýene-de bir ýyl “Real Madridde”

“Real Madrid” basketbol toparynyň kapitany Felipe Reýes bilen 1 ýyllyk şertnamanyň uzaldylandygy mälim edildi. 40 ýaşyndaky ussat basketbolçy “Real Madrid” toparyna 2004-nji ýylda geldi. Şondan bäri hem toparda üstünlikli çykyş edip, özüniň rekordlary bilen meşhurlyk gazandy. Indiki ýyl onuň “Real Madridde” oýnap ýörenine 17 möwsüm bolýar.

Şertnamany täzeländigi barada teleýaýlymlarda eden çykyşynda Reýes: ”Bu toparda ýene bir ýyl bolmak uly şowlulyk. 40 ýaşymda “Real Madrid” topary ýaly uly klublaryň lybasynda çykyş etmek meni buýsandyrýar” — diýip, aýdýar.

Felipe Reýes “Ispaniýanyň Basketbol Ligasynda” 809 oýun, “Ýewro ligada” 352 oýun oýnady.

Related posts

Ronaldodan soňra Messi hem Saud Arabystana geçip bilermi?

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Çempionlar ligasy: sişenbede ispan, çarşenbede iňlis toparlary şowsuzlyga uçrady