SPORT

“Liwerpul” çempionlyk kubogy gowşurylar

“Liwerpul” toparyň futbolçylary 22-nji iýulda “Çelsi” topary bilen geçiriljek duşuşykdan soňra “Premýer-liganyň” kubogy bilen sylaglanar.

Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, baýrak gowşurylyş dabarasy Anfild stadionynda geçiriler.

Futbolçylar we tälimçiler üçin oýundan soňra stadionda ýeňijileri sylaglandyryş dabarasy gurnalar. Dabara “Liwerpulyň” öňki tälimçisi Kenni Dalgliş hem gatnaşar. Dalglişyň gatnaşmagynyň sebäbi onuň ýolbaşçylygynda Mersisaýderler soňky gezek 1990-njy ýylda ýeňiji bolupdy. “Liwerpulyň” ýolbaşçylary eýýäm janköýerlere koronawirus pandemiýasy sebäpli stadiona gelmezligi maslahat berdiler.

“Liwerpul” 35 oýunda 94 utuk toplady. Şu wagta çenli tutuş möwsümi alanymyzda “Liwerpul” dört deňlik bilen bary-ýogy iki ýeňlişe sezewar boldy. “Liwerpul” geçen möwsüm Çempionlar ligasynda ýeňiji bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar