DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubiýo bilen duşuşygy geçirildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň edýän tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmekde möhüm tapgyr bolandygy bellenildi.

Özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy maksady bilen, taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen möhüm duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň geçiriljek senelerini kesgitlediler.

Gepleşiklere ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.

Related posts

Si Szinpin Russiýada resmi saparda bolar

Palestina ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Merkezi Aziýa-Russiýa zenanlar dialogyna taýýarlyk görlüp başlandy

Ata Watan Eserleri