MEDENIÝET

“Oleato” – zeýtun ýagy tagamly kofe

Italiýada kofeniň täze bir görnüşi taýýarlandy we kofeniň muşdaklaryna ony dadyp görmek mümkinçiligi döredildi. Bu ýurtda zeýtun ýagy tagamly kofe taýýarlandy we ol “oleato” diýlip atlandyryldy.

Dünýä belli “Starbucks” kofe tory zeýtun ýagy esasynda kofeniň täze görnüşini taýýarlady.

Kompaniýanyň baş direktory Goward Şuls zeýtun ýagynyň kofä garaşylmadyk ýylmanak we ýag ýaly tagam berýändigini belledi.

Onuň bellemegine görä, “oleato” häzirki wagtda diňe Italiýada taýýarlanar we bu ýurtda kompaniýanyň 20 nokady hereket edýär.

Bahar paslyndan kofeniň ägirdi ABŞ-nyň Günorta Kaliforniýa ştatynda, soňra Beýik Britaniýada, Ýakyn Gündogarda we Ýaponiýada gyzgyn içgileriň, sowuk içgileriň we zeýtun ýagly içgileriň börnäçe görnüşini müşderilerine hödürlemegi maksat edinýär.

Mälim bolşy ýaly, zeýtun ýagy Ortaýer deňzi sebitiniň aşhanasynyň aýrylmaz bölegidir, bu ýag Italiýada, Gresiýada, Türkiýede we Ispaniýada giňden ulanylýar. Onuň saglyga peýdaly taraplary hem metbugatlarda giňden beýan edildi.

“Zeýtun ýagyny içmek” adalgasy geçen ýyl “TikTok” jemgyýetçilik torunda giňden ýaýrady. Bu adalgany goldan tarapdarlar zeýtun ýagynyň sowuklama garşy täsirlidigini belleýärler.

 

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi