DÜNÝÄ

Hytaý-Täjigistan serhedinde ýer titredi

Hytaý bilen Täjigistanyň serhedinde Rihter ölçeginde görä, 7,2 ululygynda ýer titredi. Ýertitremäniň merkezi Täjigistanyň Murgap şäheriniň 67 kilometr günbatary hökmünde hasaba alyndy.

Hytaýyň Ýertitreme boýunça merkeziniň habar bermegine görä, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndajy Uýgur awtonom sebiti bilen Täjigistanyň gündogaryndaky Daglyk-Badahşan awtonom sebitiniň serhedinde tebigy betbagtçylyk bolup geçdi.

ABŞ-nyň Geologiýa merkezi bolsa ýertitremäniň ululygynyň 6,8 möçberinde bolandygyny mälim etdi. Şol bir wagtda Gyrgyzystanyň Oş sebitinde hem ýer yranandygyny habar berilýär.

Related posts

Stambul şäherinde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Google-dan çagalara täze programma

Tokio häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy

Leave a Comment