MEDENIÝET

Türkmenistan “Al Jazeere” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Halkara habarlar merkezi arap dünýäsiniň meşhur teleýaýlymy bolan “Al Jazeera” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.

Halkara habarlar merkeziniň wekilleri bilen “Al Jazeera” teleýaýlymynyň halkara gatnaşyklary boýunça menejeri Ihtişam Nibatulah bilen geçirilen wideomaslahatda maglumat alyş-çalşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň gelgegi boýunça pikir alşyldy.

Ýakyn Gündogarda giňden ýaýlyma berilýän bu teleýaýlymda Türkmenistan we ýurtda bolup geçýän möhüm wakalar boýunça dürli gepleşikleri, dokumental filmleir we beýleki wideo ýazgylary taýýarlamak we ýaýlyma bermek babatda gürrüň edildi.

Duşuşygyň barşynda Halkara habarlar merkeziniň wekilleri “Al Jazeera” teleýaýlymynyň wekiline Halkara habarlar merkeziniň işi we wezipeleri barada habar berdiler. Halkara habarlar merkeziniň öňünde daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işewürlik we dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de metbugat ulgamynda netijeli dialogy ösdürmekden ybaratdyr.

“Al Jazeera Media Network”- Dohada ýerleşýän iri döwlet we halkara media kompaniýasydyr. Tutuş dünýäde 70 wekilhanasy bolup, 150 ýurtda giňden tomaşa edilýär.

Ýene-de okaň

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy