Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Yslam ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky ýyllyk mejlisi geçirilýär.
1-4-nji sentýabr aralygynda Daşkentdäki Halkara kongresler merkezinde geçirilýän duşuşyga Yslam ösüş banky toparynyň düzümine girýän 57 döwletden ministrler hem-de resmi wekiliýetler Daşkent şäherine bardylar. Şeýle hem bu duşuşyga iri maliýe işewürliginiň 2 müňden gowrak wekili, hünärmenler, bilermenler hem-de metbugat wekilleri gatnaşýarlar.
Duşuşygyň esasy mowzugy Yslam ösüş bankynyň düzümine girýän ýurtlaryň pandemiýadan soň durmuş we ykdysady taýdan dikeldilmegi bolup durýar. Esasy çärelerden başga-da, ykdysadyýet, durnukly ösüş, saglygy goraýyş, bilim, yslam maliýeleşdirilmegi ýaly goşmaça sessiýalar geçiriler.
Daşkentdäki bu duşuşyk pandemiýa başlandan soňra ilkinji ýüzbe-ýüz ýagdaýynda geçirilen Yslam ösüş bankynyň ýyllyk mejlisi bolup durýar.
Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammed Suleýman Al-Jasser bu barada beren beýanatynda: “Bu ýylky ýyllyk ýygnak, Bankyň agza ýurtlary üçin bu kynçylyklary çözmek üçin umumy meýilnamany düzmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär” – diýip belledi.