BIZNES

Hytaýyň sanly ykdysadyýetiniň gerimi 6 trillion dollardan geçdi

2021-nji ýylyň ahyrynda Hytaýyň sanly ykdysadyýetiniň gerimi 45,5 trillion ýuana (häzirki walýuta hümmetinde takmynan 6,29 trillion dollar) ýetdi, bu bolsa jemi içerki önümiň 39,8% -ini emele getirdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

2022-nji ýylyň iýun aýynyň hasabatyna görä, Hytaýda 1,05 milliard internet ulanyjy bar we ýurduň internet elýeterliligi 74,4 göterime ýetdi. Ýurtda 1,85 million 5G baz stansiýa guruldy we 5G abonentleriniň sany 455 milliona barabar boldy.

Resminama görä, Hytaýda sarp ediş harytlarynyň onlaýn bölek satuwy 2021-nji ýylda 10,8 trillion ýuana deň bolup, 12% ýokarlandy. Hytaýyň serhetara elektron söwdasy 18,6% ýokarlap, 1,92 trillion ýuana ýetdi.

Related posts

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge girişilýär

Birža täzelikleri: 27 geleşik baglaşyldy

Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär

Leave a Comment