BIZNES

Tokioda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçiriler

Şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu forum Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklary esasynda geçirilýär. Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag we logistika, şeýle hem hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar.

Şunuň bilen birlikde Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Related posts

Hytaý Gyrgyzystanda Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi