SPORT

Ýylyň futbolçysy kim bolar?

UEFA guramasy tarapyndan ýylyň futbolçysyna baýragyna üç dalaşgär yglan etdi.

Baýrak üçin Žoržinio, Ngolo Kante (ikisi hem “Çelsi”) we Kewin de Bruýne (“Mançester Siti”) dalaşgär görkezildi.

Bu dalaşgärler Ýewro-2020-ä gatnaşýan toparlaryň 24 tälimçisiniň, geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň toparçalaryna gatnaşan toparlaryň 80 tälimçisiniň arasynda ses bermek arkaly saýlandy.

Şeýle hem em’n agzalarynyň düzümine 55 žurnalist hem gatnaşdy.

Zenanlar futbolynda möwsümiň oýunçysy baýragyna dalaşgärler hem bar. Baýrak üçin Jennifer Hermoso, Like Martens we Aleksiýa Putellas (ählisi “Barselona”) bäsleşer.

Ýeňijiler 26-njy awgustda Türkiýede geçiriljek UEFA Çempionlar ligasynyň bije çekiliş dabarasynyň çäklerinde mälim ediler.

Şeýle hem, Messi, Lewandowski we Ronaldo ýaly futbolçylar ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgär bolup bilmediler.

Döredijilik bäsleşigi: Gatnaşmaga howlugyň

Türkmenistandan Russiýa 18-nji ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi

Žoze Mourinýo 13 ýyldan soňra ýene-de “Reala” dolandy

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy