SPORT

Polşa öýüne gaýdan ilkinji ýygyndy boldy

Germaniýada uly şowhuna beslenip, dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Polşanyň ýygyndysy ilkinji bolup, öýüne dolanmaly ýygyndy boldy.

“E” toparçasynda çykyş edýän Polşanyň ýygyndysy ikinji duşuşygynda Awstriýanyň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda utuldy. Ilkinji duşuşygynda bolsa, Niderlandlaryň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda asgyn gelen Polşanyň ýygyndysy indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

Fransiýa bilen Niderlandlaryň arasyndaky duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Bu hem Ýewropa çempionatynda gol geçirilmedik ilkinji duşuşyk boldy.

 

Related posts

Rus türgen UFC-niň täze çempiony boldy

Küşt boýunça dünýä çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler

“Real Madrid” toparynyň jemgyýetçilik torlarynda 600 million abunaçysy bar