SPORT

Rus türgen UFC-niň täze çempiony boldy

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) russiýaly türgen Magomed Ankalaýew braziliýaly Aleks Pereýradan üstün çykyp, ýarym agyr agramda (93 kg çenli) Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony boldy. Titul söweşi 9-njy martda Las-Wegasda geçirilen UFC 313 ýaryşynda boldy we tutuş bäş döwden ybarat boldy.

Magomed Ankalaýew Russiýadan UFC-niň bäşinji çempiony boldy diýip, Sports.ru belleýär. Mundan öň Oleg Taktarow, Habib Nurmagomedow, Pýotr Ýan we Islam Mahaçew çempion boldy.
Ankalaýew UFC-de 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. 32 ýaşly söweşijiniň hasabynda MMA-da 20 ýeňiş, bir ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Pereýra karýerasynda 12 ýeňiş gazandy we üç ýeňlişe sezewar boldy. Braziliýaly söweşiji ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony titulyny 2023-nji ýylyň noýabrynda gazandy, şondan soň ony üç gezek üstünlikli gorady.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy