SPORT

50 ýyldan soňra Angliýanyň Superkubogyny gazandy

Angliýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň nobatdaky möwsümi başlamazdan ozal, Superkubogy gazanmak ugrundaky futbol duşuşygy geçirildi. Onda “Lester” bilen “Mançester Siti” toparlary duşuşdy.

“Lester” topary garşydaşy Angliýanyň çempiony “Mançester Siti” toparyny 1:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 86-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Keleçi Iheanaço öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, “Uembli” stadionynda oýnalan duşuşykda ýeňiş gazanan “Lester” topary 50 ýyldan soňra Angliýanyň naýbaşy kubogy bolan Superkubogy gazandy. Mundan ozal, bu topar 1971-nji ýylda bu kubogy gazanypdy. Şol duşuşykda hem “Liwerpul” toparyny 1:0 hasabynda utupdy.

“Lester” topary 2016-njy ýylda hem Superkubogyň finalynda oýnady, ýöne “Mançester Ýunaýted” toparyndan 2:1 hasabynda utulypdy.

“Mançester Siti” topary bu kubogy mundan ozal 6 gezek (1937, 1968, 1972, 2012, 2018, 2019) eýeledi. Angliýanyň Superkubogyny iň köp gazanan topar “Mançester Ýunaýted” toparydyr. Bu topar 21 gezek bu kubogy gazanmagy başardy.

Angliýanyň Superkubogyny iň soňky gazanan topar “Arsenaldyr”.

 

Tokio-2020: Russiýa 20-nji altyn medalyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy