SPORT

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Germaniýanyň futbol boýunça milli çempionaty tamamlandy. “Bundesliga” milli çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek bir topar möwsümde ýeňilmän çempion boldy. Ol hem “Baýer” topary boldy.

Lewerkuzeniň “Baýer” topary umumylykda 51 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Milli çempionatda bolsa, 28 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 6 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

Ispan tälimçi Habi Alonsonyň şägirtleri tutuş çempionatyň dowamynda ýeňilmän Germaniýanyň futbol taryhyna adyny ýazdyrdy.

Çempionatyň soňky tapgyrynda hem “Augsburg” toparyny 2:1 hasabynda utan “Baýer” topary 89 gol geçirip, 24 gol öz derwezesine goýberdi.

Bu toparyň öňünde ýene-de 2 duşuşyk galdy. Olaryň biri 22-nji maýda Ýewropa ligasynyň finalydyr. Bu duşuşykda Italiýanyň “Atalanta” topary bilen duşuşar.

Soňra bolsa, Germaniýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda bolsa, “Kaýzerslautern” topary bilen kubok ugrunda bäsleşer.

90 utuk jemlän “Baýer” topary çempionatda çempion bolmak bilen “Bawariýa” toparynyň yzly-yzyna çempion bolup gelýän däbiniň öňüne geçdi.

 

Related posts

Karim Benzema 6 ýyldan soň Fransiýanyň milli ýygyndysyna çagyryldy

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Ronaldo futbol toparynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri