ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky ýurduň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylardan täze görnüşli koronawirus (Covid-19) ýokanjyna garşy sanjym etdirmegi talap etmäge taýýarlanýar. Bu barada “Associated Press” habarlar gullugy habar berýär. Ýurda geljek syýahatçylardan sanjym edilendigi baradaky kepilnama talap ediler.
ABŞ tarapyndan Covid-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin girizilen syýahat çäklendirmeleriniň çäklerinde Hytaý, Şengen sebiti, Angliýa, Irlandiýa, Braziliýa, Günorta Afrika we Hindistan ýaly ýurtlaryň raýatlaryna ABŞ-a gelmek çäklendirmesi dowam edýär.
ABŞ-a gidýän ähli ýolagçylara sanjym ýagdaýyna garamazdan 72 sagadyň dowamynda geçirilen negatiw Covid-19 synagyny görkezmek bolsa hökmany bolup durýar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/bu-osumlik-koronowirusyn-emi-bolup-biler/