SPORT

Tokio-2020: Russiýa ikinji we üçünji altyn medalyny gazandy

Tokioda dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Russiýa ikinji we üçünji altyn medalyny gazandy. Rus türgenleri gylyçlaşmagyň sabl görnüşinde final tapgyrynda bäsleşdiler. Şeýle hem sport gimnastika ugry boýunça Russiýanyň ýygyndy topary altyn medalyň eýesi boldy. Russiýanyň ýygyndysynyň düzüminde Nikita Nagornyý, Artur Dalaloýan, Dawid Belýawskiý hem-de Denis Ablýazin çykyş etdi.

ATA KESBI GYZA HALAL

Bu bäsleşikde Sofiýa Pozdnýakowa ildeşi Sofýa Welikiýadan üstün geldi. Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy, gylyçlaşmak sporty boýunça 4 gezek olimpiýa çempiony Stanislaw Pozdnýakowyň gyzy Sofiýa Pozdnýakowa altyn medal gazanyp, Russiýanyň altyn medallarynyň sanyny 2-ä ýetirdi.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň “Ata kesbi ogla halal” nakylyny tokio Olimpiýa oýunlarynda ata kesbi gyza-da halaldygyny görmek boldy.

Sofiýa Pozdnýakowa öz işdeşini 15:11 hasabynda ýeňdi. 24 ýaşyndaky Sofiýa Pozdnýakowa 2 gezek dünýä çempiony, 2 gezek Ýewropa çempiony hem-de birnäçe gezek dünýä we Ýewropa çempionatlarynyň baýrakly orunlarynyň eýesidir.

Şeýlelikde, Russiýanyň 3 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç bolmak bilen, jemi 11 medaly boldy. Medallaryň sanawynda Russiýanyň ýygyndysy 4-nji orunda barýar.

Birinji orunda ABŞ bilen ýer eýeleri Ýaponiýa barýar. Olaryň 7 altyn medlay bar, Hytaý 6 altyn medal bilen üçünji orunda barýar. Ýöne ýagdaý üýtgäp dur.

 

 

Demirgazyk maýlaýarka, Afrika doňýar

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy