SPORT

Türkiýede “derbi” duşuşygy: ilkinji gezek halkara eminler eminlik eder

Türkiýäniň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň esasy merkezi duşuşygy “Galatasaraý” bilen “Fenerbahçe” toparlarynyň arasynda geçiriler. “Derbi” hökmünde atlandyrylýan bu duşuşykda topar 402-nji gezek özara duşuşýarlar. Şeýle hem 1969-70-nji möwsümden soňra ilkinji gezek Türkiýäniň futbol çempionatynda daşary ýurtly eminler eminlik eder.

Şu gün Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlanjak duşuşyga sloweniýaly emin Slawko Winçiç eminlik eder.

Portugaliýaly meşhur tälimçi Žoze Mourinýonyň tälim berýän “Fenerbahçe” topary çempionlyk üçin bäsleşýär we “Galatasaraý” topary bilen aratapawudy azaltmak ugrunda tagalla edýär.

 

Related posts

Futbol janköýerleri wizasyz Russiýa gelip bilerler

Lewandowski iň köp geçiren futbolçy

Ronaldo resmi taýdan “Mançester Ýunaýted” toparyna geçdi