SPORT

Çempionlar ligasynda köp girdeji gazanan toparlar

Çempionlar ligasy futbolda iň güýçli çempionatlaryň biri hasaplanylýar. Irki döwürlerde bu çempionat “Çempionlar kubogy” diýip atlandyrylypdyr, 1992-1993-nji ýyllar möwsüminde adyny üýtgedip Çempionlar ligasy durmuşa geçirilip başlapdyr. Italiýanyň “La Gazzetta Dello Sport” neşiri, 29 möwsüm dowam edip gelýän çempionatda çykyş edýän toparlaryň girdejilerini kesgitledi. Çykarylan sanawyň netijesi boýunça germaniýanyň “Bawariýa” topary çempionatdan köp girdeji gazanan topar diýip hasaplanypdyr.

Biz bolsa futbol janköýerlerimizi Çempionlar ligasynda köp girdeji gazanan toparlaryň sanawy bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik:

  1. 1. “Bawariýa” (Germaniýa) – 988,3 million ýewro
  2. 2. “Real Madrid” (Ispaniýa) – 982,6 million ýewro
  3. 3. “Barselona” (Ispaniýa) – 940,1 million ýewro
  4. 4. “Ýuwentus” (Italiýa) – 893,5 million ýewro
  5. 5. “Mançester Ýunaýted” (Angliýa) – 744,9 million ýewro
  6. 6. “Çelsi” (Angliýa) – 705,8 million ýewro
  7. 7. “PSŽ” (Fransiýa) – 628,8 million ýewro
  8. 8. “Arsenal” (Angliýa) – 549,5 million ýewro
  9. 9. “Mançester Siti” (Angliýa) – 544,2 million ýewro
  10. 10. “Liwerpul” (Angliýa) – 523,9 million ýewro
  11. 11. “Atletiko Madrid” (Ispaniýa) – 505,1 million ýewro
  12. 12. “Lion” (Fransiýa) – 501,6 million ýewro
  13. 13. “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa) – 483,7 million ýewro
  14. 14. “Roma” (Italiýa) – 434 million ýewro
  15. 15. “Porto” (Portugaliýa) – 411,7 million ýewro

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar