SPORT

“PSŽ” Mbappe üçin ummasyz pul teklip etdi

Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş edýän ýaş ýyldyz Kilian Mbappeniň toparda galdyrylmagy üçin tagalla edilýär. Möwsümiň ahyrynda topardan gitmegine garaşylýan Mbappe üçin hepdelik 1,2 million ýewrolyk zähmet haky teklip edilýär.

Ozal habar berlişina görä, Kilian Mbappeniň Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen ylalaşyk gazanandygy mälim edildi. Häzirki wagtda UEFA Çempionlar ligasynda “PSŽ” bilen “Real Madrid” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykdan soňra Mbappeniň ykbaly belli bolar.

“PSŽ” topary Mbappe üçin ýyllyk takmynan 60 million ýewro gazanmagy üçin şert döretmegi meýilleşdirýär.

Berlen maglumatlara görä, Mbappeniň toparda galmagy üçin Kataryň Emiri, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň we ozalky Prezidenti Nikolýa Sarkoziniň hem tagalla edendigi we duşuşyk geçirendigi bellenilýär.

Mbappe häzirki toparynyň teklibini kabul eden halatynda futbol taryhynyň iň köp gazanan futbolçysy bolar.

 

UEFA Konferensiýa ligasynda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri

Ýene-de okaň

Andoni Iraola “Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi boldy

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy