BIZNES

Türkmenistan 850 sany “Kamaz” awtoulagyny satyn aldy

Pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistan 2020-nji ýylda 852 sany “KAMAZ” awtoulagyny satyn aldy. “Finmarket” habar gullugy bu barada “KAMAZ” kompaniýasynyň çärýekleýin hasabatyna salgylanyp berýär. Bu barada “orient.tm” internet neşiri hem berýär.

Degişli döwürde Türkmenistandan has köp, goňşy ýurtlardan diňe Gazagystan satyn aldy. Bu ýurduň satyn alan “KAMAZ” awtoulaglarynyň sany 1328-e deňdir. Mundan başga-da, geçen ýyl Özbegistan 196, Belarusda 109 awtoulag satyn aldy.

“KAMAZ” kompaniýasynyň tehnikalary Azerbaýjan, Gruziýa, Ermenistan, Gyrgyzystan, Moldowa we Täjigistan ýaly ýurtlara hem iberilýär.

Umuman aýdanyňda, “KAMAZ” kompaniýays Russiýa bazaryndaky satuwyny 2020-nji ýylda 7,1% ýokarlandyrdy we daşary ýurt bazarlarynda COVID-19-a garşy dowam edýän çäklendirmeleriň arasynda eksporty 13% azaldy.

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

Related posts

Daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek

vepa

Türkmenistan “Global Gateway” forumyna gatnaşdy

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar