DÜNÝÄ

Özbegistanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolar

2021-nji ýylyň 16-18-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Gazagystan Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda we Türkmenistanda iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Saparyň dowamynda Gazagystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirmek meýilleşdirilýär.

Gepleşikleriň dowamynda sebitara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ählumumy ykdysady we ulag geçelgelerine integrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

 

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

Related posts

Yragyň elektroenergetika ministri Türkmenistana geler

Türkmenistanda metjitleriň gurluşygy üçin haýyr-sahawat hasaby açyldy

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýete bagyşlanan maslahat geçiriler