TEHNOLOGIÝA

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar

Hytaýyň “Alibaba” kompaniýasy öňümizdäki 3 ýylda bulut we emeli aň infrastrukturasyna azyndan 380 milliard ýuan (52.44 milliard dollar) möçberinde maýa goýumlary özleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory U Ýunmin habar berdi.

“Alibaba” kompaniýasynyň maglumatyna görä, jemi maýa goýum, soňky on ýylda kompaniýanyň emeli aň we bulut tehnologiýasyna sarp edilen çykdajylaryndan has ýokarydyr.

Kompaniýa 2025-nji ýylda emeli aň ulgamynda Hytaýda öňdeligi eýeläp barýar. Birnäçe maýadarlary strategik täjirçilik geleşiklerini baglaşmaga çekdi. Onuň paýnamalary 68 göterim artdy.

“Alibaba” kompaniýasynyň “Alibaba Cloud” golçur kärhanasy ýanwar aýynyň ahyrynda “Qwen2.5-Max” emeli aň tehnologiýasyny hödürledi.

Related posts

Hytaýly kompaniýalarynyň ulag taslamalary

Tramp: emeli intellekt üçin 500 milliard dollar gönükdiriler

Ata Watan Eserleri

Hytaý Aýda beket gurar