JEMGYÝET

Demirgazyk maýlaýarka, Afrika doňýar

«Günorta Afrika Respublikasynyň merkezi böleginde rekord derejede pes temperatura hasaba alyndy» diýip, SABS radiostansiýasy habar berýär.

Sinoptikleriň maglumatyna görä, 24-nji iýula geçilen gijede ýurduň 19 sebitinde iň pes temperatura hasaba alyndy. Kimberli şäheri we onuň töweregindäki temperature – 9,9 derejä bardy. Bu Günorta Afrika Respublikasynyň meteorologik gözegçilikleriniň taryhynda iň pes temperatura hasaplanýar.

Ýohannesburgda temperatura – 7 derejä deň boldy. Öňki rekord 1995-nji ýylyň 19-njy iýulynda hasaba alnyp, şol wagtky temperatura minus 6,3 dereje sowuk bolupdyr.

Günorta Afrikanyň dürli ýerlerinde ilkinji gezek gar ýagdy. Köp sanly awtoulag ýollary doňaklyk sebäpli ýapyldy. Sowuk howanyň ýene bir hepde höküm sürmegine garaşylýar.

Türkmenistan-Ýaponiýa: täze ylalaşyklara gol çekildi

 

 

Related posts

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

Rus aýdymça «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy

Ata Watan Eserleri

Eje, maňa alajabag örüp ber.

vepa