JEMGYÝET

ÝUNESKO Türkmenistana güwänamalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi.

Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, bu saparyň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň esasy düzümleri, hususan-da, bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi