SIZDEN GELENLER

Goşa mukaddeslige bagyşlanan aýdym-sazly dabara

15-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň, Türkmenistanyň Döwlet horunyň şeýle-de konserwatoriýanyň talyplarynyň, halypa opera aýdymçylarynyň çykyş etmeklerinde dabaraly agşam geçirildi. Onda Türkmenistanyň Halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň döredijiligine degişli aýdym-saz eserleri ýaňlandy.

Şahyr, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlaryna dörän “Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi”, “Özgeleri diňledim”, “Şadyýan Gün”, “Gyzlaryma” atly aýdymlar dabaranyň öwüşgünini artdyrdy.

Janly orkestriň çalmagynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar oturanlarda aýratyn täsirleri galdyrdy.

Medeniýet-sungat işgärleriniň, halypa ussatlaryň, şahyr-ýazyjylaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly agşam özboluşly sungat duşuşygyna öwrüldi.

Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza şeýle ajaýyp zamanany peşgeş edendikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.

Bägül Kakalyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

 

 

Related posts

Otag gülleriniň howany arassalamakdaky ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Durmuşdan alnan manyly hekaýa

Behişdi bedewleriň belent waspy

Leave a Comment