SPORT

Ronaldo toparynda galýar

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo häzirki wagtda çykyş edýän Italiýanyň “Ýuwentus” toparynda galjakdygyny mälim etdi. Ol bu barada topara öz pikirini mälim etdi.

“La Gazzetta dello Sport” neşiriniň habar bermegine görä, Ronaldo şu möwsümdäki transfer döwründe başga topara gitmejekdigini mälim etdi. Onuň 25-nji iýulda toparyň türgenleşik dolanyp barjakdygy aýdylýar.

Şeýle hem ne Ronaldo ne-de “Ýuwentus” topary transfer babatda resmi teklip almandyr. Ronaldo bilen diňe toparlaryň gyzyklanmasy bar.

Geçen möwsümde Ronaldo Italiýanyň milli çempionatynyň iň netijeli futbolçysy boldy. Ol 29 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçy bolar.

Ronaldo “Ýuwentus” toparynyň düzümine 2018-nji ýylyň iýulynda goşulypdy we 4 ýyllyk şertnama baglaşypdy. Şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň iýulynda dolýar.

 

Gurban Berdiýew Russiýanyň ýygyndysynyň tälimçiligine dalaşgär

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy