JEMGYÝET

Metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ýurdumyzda metbugat ulgamynda, hususan-da sanly we elektron neşirler ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Elektron neşirleriň ähmiýetiniň artýan döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýurdumyzdaky wakalary giň okyjylar köpçüligine dört dilde – türkmen, türk, rus we iňlis dillerinde ýetirmek ugrunda iş alyp barýan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilmegine möhüm orun berýär.

Bu babatda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasynyň ilkinji myhmany ýurdumyzda iş alyp barýan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hasapda durýan Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy ýolbaşçysy Ugur Sami Gezer boldy.

Duşuşykda metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özleriniň metbugatdaky amala aşyrmagy göz öňünde tutýan işleri barada gürrüň berdiler.

Şeýle mazmunly duşuşyklaryň beýleki metbugat wekilleri hem gurnamak göz öňüde tutulýar.

Babamyrat Babaýew: Arzuwyma gowşan dünýäm

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly sergi geçirildi

Gazagystanda syýasy özgertmeler: Halk geňeşi we bir palataly parlament döredildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýada saparda bolar

Türkmenistanda täze kazylar wezipä bellendi

Turkmentextile Expo-2026: dünýä derejesindäki moda sergisi guraldy

Türkiýäniň wise-prezidenti «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisine baryp gördi