SPORT

Ronaldonyň “Instagramdaky” gazanjy

Dünýä belli futbolçy portugaliýaly Kristiano Ronaldo diňe bir futbol äleminde däl, eýsem jemgyýetçilik torlarynda hem gowy girdeji gazanýar. Onuň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany 300 milliondan gowrakdyr.

Ol bu jemgyýetçilik torunda paýlaşan islendik zady üçin 1 million 600 müň dollar töleg alýar. Şeýlelikde häzirki wagtda Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň futbolçysy bolup durýan Ronaldonyň akkunty iň gymmatlaryň biri boldy. Ol öz şahsy hasabynda halk köpçüligine ýetirýän her bir zady üçin 1 million 600 müň dollar alýar. Onuň jemgyýetçilik torundaky adma sany 308 milliona golaýlady.

Şeýle hem sport äleminiň, galyberse-de futbol  dünýäsiniň ägirtleriniň ýene-de biri Lionel Messi hem bu sanawda öňdäki orunlary eýeleýär. Ol hem “Instagram” hasabynda halk köpçüligine ýetiren ýazgysy üçin 1 million 100 müň töleg alýar.

 

 

Dünýäniň iň garry kosmos syýahatçysy

Related posts

Türkmen dzýudoçylaryň GDA oýunlaryndaky üstünligi

“Arsenal” topary Angliýanyň çempionatynda 2000-nji ýeňşini gazanan 2-nji topary

Ata Watan Eserleri

Pirlonyň 1-nji, “Ýuwentusyň” 9-njy Superkubogy