TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň garry kosmos syýahatçysy

Mälim bolşy ýaly, şu iýul aýynda dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezos kosmos syýahatçylygyny amala aşyrar. Oňa bu syýahatçylykda ýoldaş boljak tapyldy. Ol hem ABŞ-ly 82 ýaşly zenan uçarman Uolli Fank boldy. Ol hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Bezosyň eýeçiligindäki “Blue Origin” kompaniýasynyň işläp düzen “New Shepard” kosmos gämisi bilen  20-nji iýulda ilkinji kosmos syýahatçylygy amala aşyrylar. Ol syýahatçylygy Bezos bilen amerikaly zenan uçarman Uolli Fank bolar.

Şeýle hem Bezosyň dogany Mark Bezosyň hem gatnaşmagynd amala aşyryljak kosmos syýahatçylygy üçin kosmos gämisi Tehasdaky kosmodromdan uçurylar. Bu kosmos syýahjatçylgy bary-ýogy 10 minut dowam eder. Kosmos gämisi 100 kilomterlik beýiklige çykar.

Uolli Fank ABŞ-nyň Federal awiasiýa edarasynda işlän zenan uçarmanlaryň biridir. Ol kosmos giňişligine çykan ilkinji ýaşuly adam bolar. Mundan ozal, 1998-nji ýylda “Discovery” kosmos gämisi bilen 77 ýaşyndaky Jon Glen älem giňişligine çykypdy.

 

 

29 ýyllyk rekordy täzelendi

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi