SPORT

Türkmen dzýudoçylaryň GDA oýunlaryndaky üstünligi

Şu günler Belarus Respublikasynyň birnäçe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň türgenleriniň gatnaşmagynda GDA-nyň II oýunlary dowam edýär. Türkmenistanyň milli türgenler toparynyň ilkinji medallary agyr atletika ugrundan geldi. Ýulduz Jumabaýewa hem-de Ali Babamuradow agyr atletika ugry boýunça kümüş medallaryň eýeleri boldular.

Türkmen türgenleri bu halkara ýaryşda medally orunlara eýe bolmagy dowam etdirýär. Ýaryşyň üçünji gününde Nasiba Narimanowa dzýudoda bürünç medalyň eýesi boldy. Ol 63 kilogram agrama çenli çykyş edip, baýrakly orny eýelemegi başardy.

Mälim bolşy ýaly, Nasiba Narimanowa Özbegistanda geçirilen Aziýanyň kubogynda kümüş medal gazanypdy.

Mundan başga-da, GDA-nyň oýunlarynda dzýudo sporty boýunça ýene-de 2 sany bürünç medal gazanyldy. Olary Behruz Bahridinow we Dilara Kandymowa eýelemegi başardy.

Related posts

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary Saud Arabystanyda geçiriler

Deklan Raýsyň gollary “Realy” ruhdan düşürdi

Ata Watan Eserleri

Ýemelýanenko Taýson bilen boks tutuluşygyna çykmakçy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment