SPORT

Messiniň şertnamasy möhleti tamamlandy

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiniň 3ýyllyk şertnamasynyň möhleti tamamlandy. Häzirlikçe Messi erkin agent hökmünde durýar.

Häzirki wagtda Messi bilen toparynyň arasynda täze şertnama baglaşmak boýunça gepleşikler dowam edýär. Ýöne topar bilen futbolçynyň geljekdäki hyzmatdaşlygy barada entek resmi maglumat berilmedi.

Metbuagtdaky habarlara görä, “Barselona” topary “La Liga” çempionaty bilen şertnamanyň maliýe taraplaryny maslahatlaşýar.

Messi 2000-nji ýyldan bäri “Barselona” toparynyň düzümde orun alýar. Ol 2003-nji ýylda toparyň esasy düzüminde çykyş edip başlady.

34 ýaşly Messi geçen möwsümde 30 gol geçirip, 35 duşuşykda çykyş etdi. Häzirki wagtda ol Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Amerikanyň Kubogy ýaryşynda çykyş edýär.

Messiniň bu ýaryşdan soňra topar bilen täzeden gepleşikler geçirmegi meýilleşdirilýär. Şonda 2 ýyllyk şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Toparyň ýolbaşçysy Huan Laporta wezipesine girişende eden çykyşynda Messiniň toparda galmagy ugrunda tagalla etjekdigini mälim edipdi.

 

Aýyň täleýnamasy

 

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy