MEDENIÝET

Sahnada täze opera: Gül yşkynda Bilbil saýrar

Ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan “Gül-Bilbil” atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde tomaşaçylara ýetirilen “Gül-Bilbil” operasy halypalar bilen bir hatarda türkmen opera sungatynda täze zehinleri ýüze çykarmakda ähmiýeti uly boldy. Bu barada operanyň baş gahrymanlary, şeýle-de režissýory  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna şeýle gürrüň berdiler:

Atajan Berdiýew,

Türkmenistanyň halk artisti:

  — Ýurdumyzda uludan toýlanylýan Medeniýet hepdeligi, onuň çäklerinde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda “Gül-Bilbil” dessany esasynda sahnalaşdyrylan opera täze zehinleri ýüze çykardy. Opera gatnaşýan her bir döredijilik işgäri zehin-yhlasyny, sungatyny sahna goýup, çyn ýürekden zähmet çekdi.

Bilşimiz ýaly, opera sungatynda diňe ses taýyndan zehiniň däl-de, artistlik ussatlygyň-da uly orun tutýar. Elbet-de, operada aýdymçynyň sesi bir ýa-da iki aýdyma däl, sahna eseriniň başyndan soňuna çenli ýetmeli. Onuň hem ýörite mekdebi, ýollary bar. Bu babatda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow opera aýdymçylarynyň sesiniň mümkinçiligini, häsiýetlerini bilýär.

Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Adrian Şapoşnikow, Ýuliý Meýtus ýaly birnäçe ussat, halypa kompozitorlarymyzyň ýazan nusgawy operalary şu günki günem biziň ýaş nesillerimiz üçin mekdep bolup durýar. Birnäçe ýüzýyllyklardan soňra-da şol operalar täzeden sahnalaşdyrylyp,  sahnadan düşmän gelýän bolsa, sazy edil düýn ýazylan ýaly hemmä düşnükli ýaňlansa eseriň naýbaşylygyny, nusgawylygyny görkezýär. Täze operanyň hem bu üstünlige eýe boljakdygyna ynanýarys.

“Gül-Bilbil” erteki şekilindäki eser bolandygy üçin, sazam, sahna bezegem şoňa kybap gelýär. Muňa, elbetde, her bir tomaşaçynyň berýän bahasy, garaýşy bar. Operany teatrda janly ýagdaýda görseň, täsiri üýtgeşik bolýar. Muňa opera tomaşa eden ildeşlerimiz göz ýetirendirler.

Leýli Ökdirowa,

“Ýylyň parlak ýyldyzy ” bäsleşigiñ ýeňijisi:

— Sungatlaryň iň naýbaşysy hasaplanylýan operada baş gahrymanyň keşbinde çykyş etmek maňa uly tejribe gazandyrdy. Operada diňe aýdym aýtmagam däl, sahnada keşp janlandyrmak, aýdymlary orkestr bilen bilelikde sazlaşykly ýerine ýetirmek, birek-biregi duýmak uly jogapkärçiligi, ünsi talap edýär. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Türkmenistanyň halk artistleri Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Roza Töräýewa, Atageldi Garýagdyýew ýaly opera ussatlarynyň ýoluny dowam edip, baş gahrymanyň keşbini janlandyrmak meniň üçin uly bagt. Bu keşbi maňa ynananlarynda dogrusy, ilkibada, ýaýdandym. Halypalaryň ynamy, galyberse-de, opera aýdymçylarynyň aýdymlary ýerine ýetiriş ussatlygyndan köp zatlary öwrenmegim keşbi ýerine ýetirip biljekdigime ynamymy artdyrdy. Şeýle-de halypam, Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewanyň ýanyna gatnap tälim almagym, öňem türkmen operalaryndan ariýalary, aýdymlary, daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini, romanslary ýerine ýetirmegim keşbime ähli ukyp-başarnygymy, zehin-yhlasymy siňdirmäge ýardam etdi.

Gülüň keşbi mylaýymlygy, näzikligi bilen özüme ýakyn gahryman bolansoň, ony ýerine ýetirmek kyn düşmedi. Şeýle-de kärdeşim Atajan bilen konsertlerde ýerine ýetirýän duetlerimiz köp bolansoň, sahnada keşp janlandyrmak aňsat düşdi. Operada Gülüň kakasyny Aman Amanow, Bilbiliň ejesini Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa, kakasyny Begenç Gaýypow janlandyrdy. Sahna eserinde baledi ýerine ýetirýän iki sany keşpde baş gahrymanlaryň ruhy ahwaly öz beýanyny tapdy.

Aýnazar Batyrow,

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri:      

— Gahryman Arkadagymyzyň 2008-nji ýylda milli opera sungatymyzy gaýtadan dikeltmegi netijesinde türkmen edebiýatymyzyň nusgawy eserleri esasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda operalaryň birnäçesini täzeden sahnalaşdyrdyk. Abdylla Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessany esasynda sahnalaşdyran operamyz öňki durmuşy operalardan hyýalydygy bilen tapawutlanýar. Bu eser esasynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda spektakl sahnalaşdyrypdym. Şonda bu dessany opera geçirip tomaşaçylara ýetirmegi ýüregime düwüpdim. Bu günki günde şol arzuwym hasyl bolup, «Gül-Bilbil» dessanynyň operasyny hem şu teatrda ilkinji gezek tomaşaçylara ýetirmek miýesser etdi. Operanyň librettosyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Eser owadan sýužetli bolandygy üçin, ondaky aýdymlar toýlarymyzda bagşylarymyz tarapyndan ürç edilip aýdylyp gelinýär.

Täze operanyň üsti bilen täze zehinler, döwrebap gözlegler ýüze çykdy. Aslynda,  sungaty täze gözlegler bilen baýlaşdyrmak maksady bilen eser sahnalaşdyrylýar. Sahna eserinde halypalar bilen birlikde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň — Bilbiliň, «Ýylyň parlak ýyldyzy» Leýli Ökdirowanyň — Gülüň keşbini janlandyrmagy, şeýle-de opera Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor dirižýorlygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlyk etmegi milli sungatymyzyň täze ussatlarynyň kemala gelýändigini tassyklady. Esasy bellemeli zadam, eser hyýaly bolansoň öňki operalara garanyňda, sahna bezegi köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar.

    Taýýarlan Aýjemal Gaýlyýewa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

 

THY: Stambul-Türkmenabat ugry boýunca ýörite gatnaw

 

 

 

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler