JEMGYÝET

“Türkmenpoçta”: uçar we otly biletleri satylyp başlandy

Ýurdumyzyň içerki uçar we demirýol gatnawlarynyň biletlerini “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabatdaky bölümlerinden satyn almaga mümkinçilik döredildi. Bu barada “orient.tm” internet neşirinde bellenilip geçildi. 
Awiapetekleri “Türkmenpoçta”-nyň Aşgabatdaky №1 bölüminde (Magtymguly şaýoly 129), №15 (Hoja Ahmet Ýasawy köçesi 83), №17 (Parahat 1 j. 59) we №20 (Magtymguly şaýoly j.144) bölüminde satyn alyp bolýar. 
Demiryol peteklerini bolsa № 15 (Hoja Ahmet Ýasawy köçesi 83), №17 (Parahat 1 j. 59), №20 (Magtymguly şaýoly j.144) we №35 (B.Annanow köçesi j.39-А) bölüminde satyn almak bolar. 
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümleriniň ýerleşýän ýerini şu ýerdäki interaktiw kartadan tapmak bolar.
Bilet satyn almak üçin diňe pasport ýeterli. “COVID-19” garşy sanjym edilendigi baradaky ýa-da “COVID-19” garşy test barlagyndna geçendigi baradaky kepilnamany diňe uçara ýa-da otla münende görkezmeli. 
https://www.atavatan-turkmenistan.com/fransiya-caklendirmeleri-gowsadyar/

Related posts

Adam atlarynyň manysy 26-njy ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasy maslahatlaşyldy

Aşkabat’ın İlk Karı Yağıyor

vepa