App Krossword

vepa

Krosswordyň soraglary

1. Geçmişde käbir hökümdar, edermen, serkerde we ş.m. adamlara berlen dereje
2. Sarytikeniň dym­gyzyl turşy miwesi.
3. Bir zatdan goranar ýaly ýer, buky
4. Gowaça çigidinden alynýan önüm
5. Döşi, arkany, iki böwri urgudan goraýan polat örtgi.
6. “At ... it yzyna garyşmaz” (nakyl).
7. "Atarman, çaparman, ... ýigide, ýeri gelse, aman-nurbat ýagşydyr” (Magtymguly)
8. Dag goçy.
9. Atmosferanyň bir gatlagy
10. Tomus günleri öwüsýän gyzgyn ýel, howurly ýel
11. Baýdak
12. Käbir zadyň daş ýüzündäki gaty gatlak.
13. Ýagtylyk beriji enjam
14. Mynasyp gelýän, ynamy ödeýän
15. Edilen jenaýatçylykly iş, pyssy‑pujurlyk
16. Uly meýlis, şagalaň
17. Ýokary we ýörite orta bilim berýän okuw jaýynda okaýan kişi.
18. Torgaýdan ulurak, boz reňk, saýraýan meýdan guşy
19. Öwüt beriji gysgajyk halk pähimi.
20. Dost, ýoldaş.
21. Suwuň ýa-da suwuklygyň düýbünde aşak çöküp galan galyndy, gyrmança we ş.m.
22. Alyn dişlerden aňyrda ýerleşýän dişler
23. “Toý güni bagşy bilen ... dynç ýok” (nakyl)
24. “... jul içinde belli, göwher – kül içinde” (Nakyl)
25. Bal arylarynyň işläp çykarýan we öýjük ýasamak üçin material hökmünde ulanýan maddasy.
26. “Amerika futboly” diýlip atlandyrylýan sportuň bir görnüşi
27. Sergezdan, gezegen
28. Lebap welaýatynda bir gaz ýatak.
29. Tejribesiz, bilimsiz adam.
30. Atlantik ummanynda bir deňiz