“Awaza” şypahanasyndan daşgary beýleki şypahanada saglygyny dikeltmegi üçin raýata ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana depderçesi hem-de saglyk ýagdaýy barada kepilnama zerurdyr. Bu barada Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri habar berdi. Ministriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň şypahanalary hem tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlanyldy. Islendik şypahanada saglygyny dikeltmegi üçin raýata ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana depderçesi hem-de saglyk ýagdaýy barada kepilnama zerurdyr.
Saglygy dikeltmek üçin “Awaza” şypahanasyna barmaga we onda bolmaga ygtyýar COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi baradaky goşmaça kepilnama esasynda berilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna raýatlar dynç alşa gitmezinden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde (Saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym alarlar. Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini, şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, çagalar sagaldyş merkezlerini öňümizdäki dynç alyş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, geçirilýän ähli işlere gözegçiligi amala aşyrýan ýörite topar döredildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak, şol sanda ähli sagaldyş merkezlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek, binalaryň içinde her gün 2-3 wagtyna üzärlik tütetmek we otaglary ýelejiretmek, zir-zibil ýygnalýan ýerleri her gün arassalap durmak we zyýansyzlandyrmak, guralýan çäreleriň dowamynda howpsuz aralygyň saklanylmagyny berjaý etmek, çagalaryň beden gyzgynyny yzygiderli galtaşyksyz ölçemek, çagalar sagaldyş merkezleriniň işgärlerine sanjym etmek göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, tomusky dynç alyş döwründe öňüni alyş çäreleriniň ählisini Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilen çözgütlere pugta laýyklykda amala aşyrmak maksat edinilýär.