TEHNOLOGIÝA

“Apple”-den öňe saýlandy

Hytaýyň telefon öndürýän agirdi “Xiaomi” kompaniýasy 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginiň maglumatlaryna görä, telefon söwdasynda Ýewropada “Apple” kompaniýasynyň öňüne geçdi. Şeýle hem hytaýly “Oppo” kompaniýasynyň söwdasy 153 oranda ýokarlandy.

Golaýda tutuş dünýäde telefon söwdalary boýunça çap edilen hasabatlarda “Xiaomi” bilen bir hatarda hytaýly kompaniýalaryň söwdasynyň ýokarlanandygyny görmek bolýar.

“Canalys” barlag şereketiniň Ýewropa boýunça söwda hasabatlaryna görä, “Apple” kompaniýasy ikinji orundan üçünji orna düşdi. Şol hasabata görä, “Xiaomi” kompaniýasy 85 göterim ösüp, Ýewropadaky bazar paýyny 23-e ýetirdi. Bu ugurda birinji orny “Samsung” kompaniýasy 35 göterimlik paý bilen birinji orunda durýar. “Apple” bolsa 19 göterimlik paý bilen üçünji orna geçdi.

umuman, dünýäde birinji çärýekde 347 million samrtfon satyldy. Şonuň 76.5 milliony “Samsung” kompaniýasynyň paýyna düşýär.

 

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

“YouTube” 16 ýaşa ýetmedik ulanyjylar üçin täze çäklendirmeleri girizýär

Hytaýyň “Yutong” ägirdi Merkezi Aziýa üçin 10 müňünji awtobusyny taýýarlady

Mask robotlaşdyrylan taksi hyzmatyny ýola goýýar

“San­ly çöz­güt-2025”: eme­li aň ugry hem goşuldy

Elektromobiller dünýä awtoparkyny üýtgedýär

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker