Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen “Sputnik Laýt” sanjymy bellige aldy. Bu barada rus metbugat gulluklary habar berýär. Bir gezeklik hem-de bir dozada urulýan sanjymyň täsirliligi 79,4 göterime deň bolandygy aýdyldy. Şeýlelikde, bu sanjym Russiýada bellige alnan 4-nji sanjym boldy.
Iki dozadan urulýän beýleki sanjymlardan has täsirli bolan bu sanjym babatda kliniki synaglar geçirildi. Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Gamaleý adyndaky ylmy merkezi hem-de Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy bu sanjymyň bellige alnandygyny mälim etdi.
Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy 2020-nji ýylyň 5-nji dekabry-2021-nji ýylyň 15-nji apreli aralygynda raýatlaryň arasynda geçirilen köpçülikleýin sanjym maksatnamasynyň çäklerinde bir doza sanjym edilen raýatlardan alnan netijeler esasynda bu sanjym netijelidigini mälim etdi.
“Sputnik Laýt” sanjymynyň koronawirus ýokanjynyň ähli ştammlary üçin täsirlidigi bellenilip geçildi.
Uumuman, bu sanjym beýlekilerden tapawutlylykda bir doza sanjym edilmegi bilen ýeterlik hasap edilýär.
Russiýa Federasiýasynda “Sputnik V” bilen bir hatarda “EpiwakKorona” hem-de “KowiWak” sanjymlary hasaba alnypdy. Diňe “Sputnik V” sanjymy dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda bellige alyndy.