JEMGYÝET

Aşgabatda Gagariniň heýkeli guruldy

Ýuriý Gagariniň kosmos giňişligine çykmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda Ýuriý Gagariniň heýkeli açyldy. Ol Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäklerinde guruldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Berlen habara görä, türkmen tarapy bilen ylalaşykda Alekseý Leonowyň ýasan ilkinji kosmonawtyň bürünçden heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin, türkmen wekiliýeti, jemgyýetçilik we metbugat serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Bu ýere ýygnananlar adamzat taryhynda ilkinji kosmonawtyň görkezen edermenligini ýatlap geçdiler. Bu bürünçden heýkel rus ilçihanasyna “Medeniýetleriň dialogy – ýeke-täk dünýä” Halkara haýyr-sahawat jemgyýetçilik gaznasy tarapyndan berildi.

Heýkeliň arhitektura babatda bezeg işlerini Russýanyň “Wozroždeniýa” gurluşyk kompaniýasynyň wekilhanasy amala aşyrdy.

 

Telekeçilere “eBay hаb” arkaly eksport mümkinçiligi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny ÝUNESKO hödürledi