IQ (Intelligence quotient) bu – “aňtaw paýy” diýmekligi aňladyp, bu adamyň pikirlenmek ukybynynyň ölçeg birligidir. Gysgaça aýdylanda, bu adamyň berlen maglumatlardan ýa-da logikasynyň güýjüne daýanyp soraglar jogap bermegini we çaklamalary döredip biljek ukybyny ölçeýär. IQ testlar adamyň diňe bir pikirleniş ukybyny barlaman eýsem, onuň ýatda saklaýşynyň ukubyny ölçemegi hem başarýar. Beýle testler adamlaryň çylşyrymly beýni üçin oýunlar bn ukybyny we öň öwrenilen maglumaty nähili çaltlyk bilen gaýtadan ýatlap biliş ukybyny hem anyklaýar.
Ähli okuwçy onuň aňyna seretmezden öwrenip biler. Emma mekdepler käbir okuwçylar özleriniň aň-düşünje geriminiň darlygy ýa-da onuň diňe belli bir ugurdan ösendigi sebäpli kynçylyk çekýärler. Şeýle ýagdaýlarda, IQ testler okuwçylaryň aňtaw ukybyny anyklamakda mugallymlar üçin gol gelýär. Häzirki döwürde käbir ýokary okuw jaýlarynda IQ testleri we şolara meňzeş testleri özlerine zehinli okuwçylary saýlamak üçin ulanýarlar. Bu testler okuwçylaryň haýsysy ýolbaşçylyk işine laýyk ýa-da haýsy ugurdan ökdedigini çaklamakda peýdalydyr.
Biriniň IQ testleriniň jogaplaryny okamak örän gyzyklydyr. Köp adamlaryň aýtmaklaryna görä, aňlylyk bu üstünlikli adamlaryň üstünlikli bolmaklarynyň esasy sebäbidir. Adamyň aňyny öwrenýän alym psihologlar bu aýdylan sözleriň dogry däldigini aýdýarlar. IQ testler adamyň belli bir ugurdan; meselem, ylym, inženerçilik ýa-da sungat ugurlarynda abstrakt pikirlenişini çaklamak mümkindir, emma bu adamyň geljekde üstünlikli boljakdygyny çaklamak diýmek däldir. Üýtgeşik üstünlikler dürli zatlara bagly bolmagy mümkindir we şol zatlara maksada ukgynlylyk, höwes, makasadyň barada dury oýlanmak ukyby, we mümkinçilik. Ondan başgada amatlylyk hem uly ýer turmagy mümkindir.
Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.