JEMGYÝET

Halypa çapyksuwar ýeňil awtoulag bilen sylaglandy

Mary welaýat merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi.

Jemleýji, 8-nji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşa haýsy at bilen gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Mary döwlet athanasynyň Kadaly diýen aty bellenen 1000 metr aralygy 1 minut 11,1 sekuntda geçmegi başaryp, pellehana ilkinji bolup geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.

Baş baýragyň eýesi mynasyp bolan sylagyna buýsanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşmakda, olary mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Mary welaýatyndaky baýramçylyk dabaralary

 

Ýene-de okaň

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy