DÜNÝÄ

Ýewropa Bileleşiginden daşky gurşawy goramak babatda aýgytly ädim

Şu gün ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň gurnamagynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça onlaýn sammit geçirilýär. Oňa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen bir hatarda köp sanly döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

bu sammitiň öňüsyrasynda Ýewropa Bileleşiginden daşky gurşawy goramak babatda aýgytly ädim ädildi. Ýewropa Bileleşigi howanyň hapalanmagynyň öňüni almak babatda deslapky iri şertnama babatda ylalaşyk gazandylar. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň 27-siniň agzalary hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň öňüni almak babatdaky täze maksatlary boýunça ylalaşdylar.

Deslapky ylalaşyga laýyklykda, howa zyňylýan hapa gazlaryň möçberini 2030-njy ýyla çenli 55 göterime çenli azaltmak meýilleşdirilýär.

ABŞ Hytaýdan soňra howany hapalaýan ikinji uly döwletleriň biridir. Bu ýurt hem 2030-njy ýyla çenli hapa gazlaryň howa goýberilmegini azaltmak boýunça täze maksatnamalaryny beýan eder. Ýurduň häzirki Prezidenti Baýdeniň döwlet ýolbaşçylygyna saýlanmagy bilen ABŞ Pariž ylalaşygyna gaýdyp geldi.

Pariž ylalaşygyna goşulan ýurtlar şu ýylyň noýabr aýynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça her ýylky halkara maslahatyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Ýylyň awtoulagy saýlandy

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri